Ýewropanyň öňdebaryjy klublary Super liganyň döredilendigini habar berdiler

  • 20.04.2021 16:39
  • 12k+

Ýewropanyň Super ligasynyň metbugat gullugy täze ýaryşyň döredilmegi bilen bagly resmi beýannamany neşir etdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Ýewropanyň öňdebaryjy 12 topary täze ýaryşy – Ýewropanyň futbol Super ligasyny döretmek barada ylalaşyga geldi. Oýunlar hepdäniň ortalarynda geçiriler, ýaryşlara esaslandyryjy klublar ýolbaşçylyk eder. Esaslandyryjylar: “Milan”, “Arsenal”, “Atletiko”, “Çelsi”, “Barselona”, “Inter”, “Ýuwentus”, “Liwerpul”, “Mançester Siti”, “Mançester Ýunaýted”, “Real” we “Tottenhem”. Gysga wagtda başlamaly täze möwsümde ýene üç klubuň olara goşulmagyna garaşylýar.
Täze ýaryş, umuman, futbol üçin has gowy gelejegi üpjün eder ýaly UEFA hem-de FIFA bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak meýilleşdirilýär” – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Ýaryşyň formaty:
Gatnaşyjy 20 klub: 15 esaslandyryjy klub we ýene 5 agza, bular her ýyl geçen möwsümdäki üstünliklere esaslanyp saýlanylar. Oýunlar hepdäniň ortalarynda geçiriler, şonuň üçin gatnaşyjy klublaryň ählisi klub oýny üçin ähmiýetli bolan içerki oýunlaryň senenamasyny saklap, öz milli ligalarynda çykyş etmegini dowam etdirer.
Ýaryşa başlamak awgust aýyna meýilleşdirilýär. Hersi 10 klubdan ybarat bolan iki topar, öýde we myhmançylykda oýunlar bolar. Toparlarda 1-den 3-e çenli orunlary eýelän toparlar dörtden bir finala çykarlar. 4-nji we 5-nji orunlary eýelän toparlar çärýek finalda galan orunlar üçin pleý-off-da bäsleşerler. Pleý-off-da toparlar adaty formatda oýnarlar. Final bitarap meýdançada geçiriler.

şu gün 14:53
5.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
8.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....