«Real», «ManSiti» we «Çelsi» Çempionlar ligasynyň ýarym finalyndan mahrum edilip bilner

  • 20.04.2021 12:27
  • 17k+

UEFA 23-nji aprelde «Real», «Mançester Siti» we «Çelsi» klublaryna Çempionlar ligasyna gatnaşmagy gadagan eder. Şol gün UEFA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçiriler.

 

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy Melleriň aýtmagyna görä, mejlisde şu möwsümde Çempionlar ligasyny geçirmegiň ykbaly çözüler.
UEFA-nyň bu garaşylmadyk çözgüdi Superliganyň döredilmegi bilen baglydyr. 19-njy aprelde Ýewropanyň 12 sany top klublary Superliga döredýändikleri barada yglan etdiler. Bu Ligany esaslandyryjylaryň arasynda ady agzalan «Real», «Mançester Siti» we «Çelsi» klublary hem bardy.
UEFA, şeýle hem Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) bu Liganyň döredilmegine garşy çykyp, oňa gatnaşjak klublara çäklendirmeleri girizmegi wada edipdi. Bu ýaryşa gatnaşjak oýunçylar şeýle hem Dünýä çempionatyna we Ýewropa çempionatyna gatnaşmakdan mahrum edilip bilner.
Çempionlar ligasynda «Real» bilen «Çelsiniň» hem-de «PSŽ» bilen «Man Sitiniň» arasyndaky ýarym final duşuşyklary 27-nji aprelde we 4-nji maýda geçirilmelidi. Ýaryşyň finalyny 29-njy maýda Stambulda geçirmek meýilleşdirilýärdi.

 

 

 

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......