BAE 20 ýurtdan mätäçler üçin “100 million paý nahar” kampaniýasyna başlady

  • 14.04.2021 21:27
  • 23k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýetleri iň uly “100 million paý nahar” haýyr-sahawat çäresiniň başlandygyny habar berdiler. Kampaniýanyň başlandygy barada BAE-niň premýer-ministri Muhammad bin Raşid Al Maktum aýtdy. Bu barada riafan.ru habar berýär.

Azyk Ýakyn Gündogaryň 20 ýurdunda garyp maşgalalara paýlanar. Bu çäre musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň, orazanyň başlanmagyna gabat getirildi. Nahar 30 günüň dowamynda paýlanar. 

“Kampaniýa BAE-niň ilatyň iň ejiz gatlaklaryna jynsyna, dinine we milletine garamazdan kömek bermek boýunça ynsanperwer ýörelgelerini görkezýär” – diýip, Muhammad Al Maktum gaznasynyň metbugat-gullugy belleýär.

Haýyr-sahawat işini gurnaýjylar aksiýanyň çäginde pul serişdesini ýygnamak kampaniýasyny yglan etdiler. Bu başlangyja Sebitleýin azyk banky ulgamy we BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy eýýäm goldaw berdi.
BAE-niň başlangyjy geçen ýyl “10 million paý nahar” diýlip atlandyrylan aksiýanyň dowamy boldy. 2020-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministriniň gaznasy ony koronawirus pandemiýasyndan zyýan çeken adamlara azyk kömegini bermek üçin sebit derejesinde geçirdi
.

şu gün 01:26
226

Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady

Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar...

düýn 23:51
2.4k+

Nebraskada 50 ýaşly wagt kapsulasyny açdylar. Içinden hakyky awtoulag çykdy

ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar...

düýn 23:41
227

Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi

Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi...

düýn 20:47
2.4k+

Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi

Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi...