Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, kenarýaka etraplarda +22... +27 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +29...+34 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +13 gradusdan +14... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +24 gradusdan +30... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.