Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde ýokary süýşdi

  • 10.04.2021 09:03
  • 31k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) dünýäniň milli ýygyndylarynyň täzelenen reýtinginde Türkmenistan 2 setir ýokary süýşdi. Indi biziň milli ýygyndy toparymyz reýtingde Ruandadan (1123.69 bal) yzda, 130-njy ýerde (1106.51 bal) ýerleşdi. 131-nji ýerde Komor adalarynyň birleşigi (1106.44) ýerleşdi. 

Reýtingiň doly sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Belläp geçsek, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň milli ýygyndysy resmi duşuşyklary geçirmedi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary reýtingde şu orunlary eýeleýärler: Koreýa Respublikasy - 39-njy ýer; Liwan - 93; KHDR - 109; Şri-Lanka - 204.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......