“Barselona” Messä ýadygärlik futbolkasyny sowgat berdi

  • 09.04.2021 20:11
  • 20k+

Ispaniýanyň La Ligasynyň 29-njy tapgyrynyň “Walýadolid” bilen oýnundan öň Kataloniýanyň “Barselonasynyň” oýunçylary Lionel Messiniň klub üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýmagy mynasybetli oňa sowgat gowşurdylar.

Bu sowgat 2004/05-möwsüminiň “Barselona” futbolkasydy, onda Lionel Messi kataloniýalylar üçin uly ýaşlylaryň derejesinde ilkinji gezek çykyş edipdi. Bu futbolkada “gök-gyzyllaryň” taryhynda iň meşhur oýunçylaryň gollary jemlenen. 
Ýatlap geçsek, 21-nji martda Ispaniýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň “Real Sosýedad” bilen oýnunyň netijesinde, Lionel Messi “Barselona” üçin hasabynda 767 oýun bolan Hawiniň rekordyndan geçdi. Argentinaly oýunçy klub üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça ýeke-täk lider boldy – häzirki wagta çenli ol “Barselonanyň” futbolkasynda 769 oýna gatnaşdy. 

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......