Saud Arabystany Aziýa üçin nebit üpjünçiliginiň bahalaryny ýokarlandyrar

  • 07.04.2021 17:05
  • 7k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet nebit kompaniýasy Aziýa bazaryndaky esasy alyjylaryna nebit üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrar diýip, Bloomberg agentligine salgylanyp, PRAÝM agentligi habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, aprel aýynda kompaniýa Arab Light söwda belgili nebitiň bahasyny 40 sent ýokarlandyrar, bu Aziýa ýurtlary üçin dolandyryş derejesinden barreline 1,8 dollar ýokarydyr. Maý aýynda nebitiň beýleki markalarynyň bahalary barreline 20-50 sent ýokarlanar. Agentligiň sekiz söwdagäriň we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan hünärmenleriň arasynda geçiren pikir soraşmasyna görä, bahalaryň bary-ýogy 30 sent ýokarlanmagyna garaşylypdy.
Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan alyjylar üçin bahalar üýtgewsiz galar, ýöne Arab Light nebitiniň sebitdäki bahasy 20 sent, 2,40 dollara çenli düşer. ABŞ üçin görnüşleriň köpüsiniň bahalary 10 sent arzanlar.
Agentligiň pikiriçe, bahalaryň ýokarlanmagy Aziýa sebitinde patyşalygyň “ykdysadyýetiň dikeldilmegine bolan ynamyny” delillendirýär.
Bahalary ýokarlandyrmak kararyna OPEK+ bileleşiginiň ýurtlary aprel aýynda nebiti gazyp almak boýunça çäklendirmeleri kem-kemden gowşadyp, maý-iýul aýlarynda önümçiligi günde 1,141 million barrel möçberde ýokarlandyrmak barada ylalaşandan soň gelindi.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......