Porýe — Makgregor üçünji duşuşygy iýul aýynda geçiriler

  • 05.04.2021 23:59
  • 13k+

Garyşyk başa-baş söweşiň söweşijisi Dastin Porýe UFC bilen promouşeniň iki kategoriýada eks-çempiony Konor Makgregor bilen karýerasyndaky üçünji söweş üçin şertnama baglaşdy.

Amerikaly Porýe UFC 264 turnirinde Konor Makgregor bilen söweşmäge razy boldy diýip, MMA Fighting saýty habar berýär. Muny riafan.ru ýetirýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, irlandiýaly söweşiji häzirlikçe söweşe diňe dilden razylyk berdi. Söweş 10-njy iýulda bolmaly.
Porýeniň UFC bilen baglaşan şertnamasynyň şertleri entek mälim edilenok. Söweşiň geçiriljek ýeri hem näbelli. Ýöne söweşiň Las-Wegasdan daşary bolmagy mümkin, sebäbi Newada ştatynda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler ýatyrylman biler.
Porýe bilen Makgregor oktagonda iki gezek duşuşdylar. 2014-nji ýylda bolan birinji söweş irlandiýalynyň birinji raundda nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Şu ýylyň ýanwar aýynda geçen ikinji söweşde Porýe ýeňiş gazandy. Ol UFC 257 turnirinde ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňdi.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......