«Awtoýoly» täze akkumulýatory nädip saýlamalydygyny maslahat berdi

  • 30.03.2021 15:37
  • 21k+

Akkumulýator — awtomobiliň esasy düzüm bölegi. Awtomobiliň beýleki elementleri ýaly, onuň hem ulanyş möhleti çäkli bolýar. Bu möhlet tamamlanandan soň bolsa, awtoulag sürüjisiniň öňünde täze akkumulýator satyn almak meselesi ör boýuna galýar. Eýsem, täze akkumulýatory nädip saýlamaly? Ilkinji nobatda, nämä üns bermeli? Bahasynamy, göwrüminemi, öndürijisinemi? Şular ýaly soraglar awtoulag sürüjilerimiziň arasynda ýygy-ýygydan duşýan bolsa gerek. Hut şonuň üçin hem TmCars.info awtomobil eýelerine bu babatda ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzdaky «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkeziniň ussat hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy.

Merkeziň hünärmenleri akkumulýator saýlamagyň, onuň ömrüni uzaltmagyň syrlary bilen paýlaşdylar.

«Ilki bilen, akkumulýator saýlamagyň dogry ýoly — awtoulagyňa görä akkumulýator saýlamakdyr. Has takygy, awtoulagyň motorynyň hereketlendirijisiniň energiýa sarp edijiligine görä saýlamaly. Akkumulýator öndüriji zawod önümiň haýsy awtomobile laýyk gelýändigi barada tekliplerini hem hödürleýär.
Motory 2,5-a çenli bolan awtoulaglara 60-lyk amperažly (12V) akkumulýator dakmak maslahat berilýär. Elbetde, ondan uly motorlara-da şeýle akkumulýatory dakyp bolar, emma bu ýagdaýda onuň hyzmat ediş möhleti gysga bolar.
Mundan başga-da, akkumulýator öndüriji zawodlar bu günki gün awtosürüjilere her üç aýdan batareýleri barlap durmagy maslahat berýärler. Çünki häzirki akkumulýatorlar taýyn görnüşde (içi ýörite suwly) gelýär. Zawodlar kepillik berenlerinde hem şol şerti, ýagny her üç aýdan barlag edilip durulmagyny soraýarlar.

Akkumulýatory her üç aýdan nirede barladyp bolýar?

Kepillik möhleti dowam edýän döwründe müşderi akkumulýatory alan ýerine her üç aýdan ýörite barlaga gelmeli. Awtohyzmat merkezi akkumulýatoryň ulanylyşyny, onuň energiýa sarp edijiligini, balkalaryndaky suwlarynyň derejesini barlaýar. Zerur bolan barlag işleri geçirilenden soň, kepillik talonyna möhür goýulýar.
«Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkezi barada aýdanymyzda, bu merkez häzirki wagtda «Ýigit», «Varta», «Rigel» ýaly dünýä belli akkumulýatorlaryň ýediden gowrak görnüşini ýurdumyza getirýär. Merkeziň bäş welaýatda şahamçalary bolup, müşderiler kepillik döwründe ýörite berlen talony görkezip, islendik şahamçadan öz akkumulýatorlaryny mugt barlagdan geçirip bilerler.
Merkezimizden akkumulýator satyn alan ähli müşderilerimizi biz ýörite hasapda bellige alýarys. Her üç aýdan bolsa, müşderilere sms-habarnamasy arkaly Türkmenistanyň islendik ýerinde iň golaýynda ýerleşýän «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkezine baryp, akkumulýatoryny barlagdan geçirmeklerini ýatladýarys. 1,5 ýyl kepilligimiziň esasy şertleriniň biri hem hökmany suratda her üç aýdan barlaga gelmekdir.
«Awtoýoly» merkezimiz tarapyndan işlenip düzülen ýörite programma arkaly hünärmenlerimiz akkumulýatory oturdan awtoulagynyň ýagdaýyny öwrenýärler. Energiýa ýitgisiniň barlygyny, dinamyň tok berijiligini, klemmalaryň abatlygyny, energiýa sarp edýän goşmaça enjamlaryň barlygyny ýa ýoklugyny barlaýar. Her üç aýdan kepillik barlagyndan geçirmek arkaly müşderi öz akkumulýatorynyň ömrüni uzaldýandygyny ýatdan çykarmaly däldir.
Akkumulýator alanyňyzda, awtoulagyňyzda ýörite onuň üçin bellenen ýere (käbir awtoulaglarda akkumulýatorlar ulagyň öň tarapynda, käbirinde yzynda, käbirinde bolsa, asla sürüjiniň oturgyjynyň aşagynda hem ýerleşip biler) jebis oturjak görnüşini saýlamaly.

Şeýle hem üns bermeli zatlaryň biri — käbir awtoulaglarda akkumulýatoryň oturdyljak ýeriniň polýarlygynyň ýeri çalşylan bolýar. «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmat merkezlerimizde şular ýaly awtoulaglar üçin niýetlenen ters klemmaly akkumulýatorlaryň bardygyny hem aýdasymyz gelýär.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, her bir akkumulýatoryň öz ID belgisi bolýar. Şol ID belgi arkaly biz akkumulýatoryň haçan we nirede öndürilendigini bilip bilýäris. Müşderä akkumulýatory dakyp berenimizden soň, oňa ýörite kepillik haty berilýär. Şol hatda hut şol awtoulaga dakylan akkumulýatoryň ID belgisi ýazylyp berilýär. Şol belgi biziň programmamyzda bellige alynýar.


Galyberse-de, «Awtoýoly» hyzmatlaryny sanly ulgamda alyp barmak üçin tagallalary edýär. Ýakynda kompaniýamyz sürüjilere täze «Awtoýoly» mobil programmasyny hem hödürledi. Bu mobil programmany ykjam telefonyňa ýükläp alyp, sürüji awtoulagynyň markasyny, öndürilen ýylyny ýazyp, özüne laýyk gelýän akkumulýatorlary, tekerleri, motor ýaglaryny anyklap, onlaýn sargyt edip bilýär. Mundan başga-da, bu mobil programmasynda akkumulýatory, tekerleri markasyna görä hem saýlap bolýar. «Awtoýoly» atly mobil programmany awtosürüjiler Play Marketiň hem-de AppStore-yň üsti bilen ýükläp alyp bilerler» - diýip, «Awtoýolynyň» hünärmeni habar berdi.

«Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmat merkezleriniň hünärmenleri bilen habarlaşmak üçin maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
Telefon belgileri: +993 12 75-40-09
Salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kuliýew köçesi, jaý 78, Awtoýoly bina
Elektron salgysy: http://awtoyoly.com.tm
Play Store: https://play.google.com/store/apps/details?id=tm.com.awtoyoly_mobile
Apple Store: https://apps.apple.com/app/id1548936515

Awtoulag — sürüjiniň ýakyn ýoldaşy. Oňa dogry ideg etmek arkaly biz onuň hyzmat ediş möhletini uzaldýarys. Galyberse-de, öz wagtynda näsazlyklary düzetmek bizi uly çykdajylardan gorap biler.
Tmcars.info geljekde hem sizi gyzyklandyrýan temalar boýunça materiallaryny dykgatyňyza ýetirmegini dowam eder.

şu gün 20:53
569

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

şu gün 17:35
1.6k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

şu gün 12:41
1.9k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.5k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......