TSTB-niň sergisi 23-nji marta çenli dowam eder

TSTB-niň sergisi 23-nji marta çenli dowam eder

Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň dürli önümçilik pudaklarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi 23-nji marta çenli işini dowam eder. Guramaçylar ýurdumyzda Nowruz baýramy mynasybetli serginiň möhletini uzaltmak kararyna geldiler.

Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna gabat gelýär. Sergide 170-den gowrak kärhana we gurama öz önümini hödürledi.