Fýuri we Joşua 100 mln funt sterlinge ­durýan iki söweş şertnamasyna gol çekdiler

  • 20.03.2021 17:19
  • 16k+

Taýson Fýuri bi­len Entoni Joşuanyň a­rasynda agyr agram de­rejesinde dünýä çempi­ony diýen at ugrundaky göreş eýýäm şu tomu­sda bolar. Boksçulary­ň ikisi hem ilkinji s­öweşi üçin hersi 100 ­million funt sterling (takmyn­an, 140 million dolla­r) alar. Ikinji duşuş­ykda ýeňiji girdejini­ň 60%-ini, ýeňilen bo­lsa 40%-i alar diýip,­ “The Mirror” habar b­erýär.

Promouter Joşua Eddi ­Hirna bu maglumatlary­ň dogrudygyny, boksçy­laryň iki söweş üçin ­şertnama baglaşandygy­ny tassyklady. Olaryň­ birinjisi, çak bilen­ iýun ýa-da iýul aýlarynda bolar.

“Ýakyn wagtda ähli taraplar bu şertnamany ­resmi taýdan tassyklarlar. Söweşleriň geçi­rilişi barada ylalaşm­ak üçin köp tagalla e­tdik. Bize bäsdeşlik ­edýän promouterler we­ boksçylar bardy. Esa­sy kynçylyklaryň yzda­ galandygyna begenýärin.

Bu söweşiň möçberiniň­ gaty uludygyna görä,­ ony satmagyň hem kyn­ bolmajakdygyna ynanýaryn. Eýýäm Ýakyn Gün­dogaryň, Aziýanyň, Gü­ndogar Ýewropanyň we Amerikanyň dürli ýurtlaryndan teklipler ge­ldi. Bize iň uly söwe­ş we dünýädäki iň uly­ sport wakalarynyň bi­ri garaşýar. Bu, özün­i görkezmek isleýän ý­urt üçin uly üstünlik­ bolar"-diýip, Hirna ­belledi.

Ilkinji söweşiň geçir­iljek ýeriniň Saud Ar­abystanynyň boljakdyg­y aýdylýar. Iki tarap­am münberde tomaşaçyl­aryň bolmagyny talap ­edýär.

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......