Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky «Dostluk» ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

  • 16.03.2021 03:23
  • 11k+

Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň Aşgabada saparynyň çäklerinde gol çekildi. Azerbaýjan parlamenti bu resminamany şu ýylyň fewralynda tassyklady.
Fewral aýynda «Lukoýl» rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmak barada meýillerini beýan etdi. Hünärmenleriň pikirine görä, «Dostluk» ýatagynyň ätiýaçlyklary 50 mln tonna nebit möçberinde bahalandyrylýar. 

20.06.2026 11:54
4.6k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......