Türkmenistanda 2021-nji ýylda 2100 tonna çig pile öndüriler

  • 13.03.2021 18:55
  • 9.5k+

Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndüriler.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşar. Şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün eder.
Welaýatlaryň häkimlikleri pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün eder.

düýn 19:47
528

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......