Sowuk kofeniň saglyk üçin zyýanly taraplary ýüze çykaryldy

  • 13.03.2021 13:48
  • 10k+

Berhiz lukmany Nuria Dianowa sowuk kofeniň zyýanly tarapyny ýüze çykardy. Hünärmeniň pikiriçe, islendik içgide mikroorganizmler döräp bilýär we bu kofä hem degişli. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmen goşundysyz kofeniň saglyga zyýan bermezden birnäçe sagatdan soň hem içilip bilinjekdigini, ýöne düzüminde süýt ýa-da krem ​​bar bolsa, gysga wagtda içmelidigini aýtdy.

“Çyglylyk bakteriýalaryň we mikroorganizmleriň ösmegi üçin iň amatly gurşawdyr. Kofe süýt goşsaňyz, mikroorganizmleriň köpelmek howpy birnäçe esse ýokarlanýar"-diýip, lukman belledi.

Kofeni derrew içip bilmeseňiz, sowadyja geçirip bilersiňiz. Emma bu usul içginiň tagamynyň üýtgemegine sebäp bolar.

düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......