Tomas Bah Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlyklygyna nobatdaky möhlete saýlandy

  • 12.03.2021 16:57
  • 4.2k+

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň (IOC) başlyklygyna nobatdaky dört ýyl möhlete gaýtadan saýlandy. Ol bu wezipä dalaş edýän ýeke-täk dalaşgärdi, diýip «Interfax» habar berýär.

Saýlawlar Halkara Olimpiýa Komitetiniň 137-nji mejlisiniň birinji gününde — 10-njy martda geçirildi. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ol ýene-de wideo maslahat görnüşinde geçirildi. Sessiýa 12-nji marta çenli dowam etdi. Guramanyň häzirki prezidentine onuň 93 agzasy ses berdi.
Saýlawlar üç gün dowam eden ýygnagyň gün tertibinde esasy mesele boldy, beýleki iki günde Olimpiýa oýunlara taýýarlyk görmek hem-de 2025-nji ýyla çenli Olimpiýa hereketini ösdürmek strategiýasyny kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy. Bu strategiýa 2014-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen meýilnamanyň dowamy bolar.
Olimpiýa düzgünnamasyna laýyklykda, Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti, bu guramanyň agzalarynyň arasyndan gizlin ses bermegi arkaly sekiz ýyl möhlete saýlanýar. Onuň ygtyýarlyk möhletini dört ýyla çenli bir gezek uzaldylmagy mümkin.
Tomas Bah 2020-nji ýylyň iýulynda täze möhlete dalaş etmek kararyna geldi. Kararyny 2020-nji ýylyň tomsunda guramanyň 136-njy sessiýasynda yglan etdi.
Bahyň prezidentlik döwründe Olimpiýa paýtagtlaryny saýlamagyň tertibi üýtgedildi, Olimpiýa ýaryşlarynda jyns taýdan deňlik gazanyldy, dopinge garşy işler kämilleşdirildi, bäsdeşlik maksatnamasynyň üsti ýaşlar sporty bilen ýetirildi, Olimpiýa kanaly döredildi.

şu gün 14:53
1.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
2.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
6.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....