Aşgabatdaky Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 ýurtdan türgen gatnaşar

  • 10.03.2021 14:43
  • 14k+

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, çempionat şu ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriler. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.
I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.
Bellenilişi ýaly, guramaçylyk meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlerde Türkmenistana gelýän ähli türgenlere degişli sanjymlaryň edilmegi babatda ýardam berler.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Türkmenistan üçin ýubileý ýylynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, welosiped sportuny hem-de ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşaw üçin howpsuz ulag görnüşi hökmünde welosipedi wagyz etmäge ýardam berýän mahabat we düşündiriş işlerine üns güýçlendiriler.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....