Türkiýede bir maýyp zenan gözleriniň kömegi bilen kitap ýazdy

  • 01.03.2021 22:41
  • 13k+

Doly hereket etmäge mümkinçilik bermeýän agyr newrologik keselden ejir çekýän bir türk zenany diňe gözleriniň kömegi bilen kitap ýazdy. Bu barada mix.tn.kz habar berdi.

“New York Post”-yň habar bermegine görä, 38 ýaşly zenan elleriniň kadaly hereket etmek ukybyny ýitirendigi sebäpli 13 ýaşynda keselhana ýerleşdirilipdir. Gyzjagaza gapdal amyotrofik sklerozy (ALS) diagnozy goýuldy. Wagtyň geçmegi bilen onuň ýagdaýy hasam erbetleşdi. Şeýle-de bolsa, onuň pikirlenmek ukybyna zeper ýetmedi. Ol başgalar bilen diňe göz hereketleri arkaly habarlaşyp bilýär.
Zenan gözleriniň kömegi bilen Life without a body ("Bedensiz durmuş") kitabyny ýazmagy başardy. Kitaby ýazmak üçin näsaga üç ýyl töweregi wagt gerek boldy. Zenan başga adamlaryň kömegi bilen göz arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän ýörite enjamdan peýdalandy.

düýn 20:17
4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......