Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär

  • 28.02.2021 08:58
  • 67k+

2021-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistanda bölekleýin tertipde şäherara awtobus gatnawlary dikeldilýär. Hususan-da, gatnawlar Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat ugurlary boýunça bildirilýän sanitar-arassaçylyk talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde amala aşyrylar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylar.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldyldy. 
Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, ýaşaýan ýeri boýunça Saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasyny almaly. Şeýle-de ýolagçylarda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty agzalan resminamalar talap edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

düýn 23:54
603

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
659

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
528

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.3k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....