Görejiňi üç minudyň içinde gowulandyrmagyň usullary

Görejiňi üç minudyň içinde gowulandyrmagyň usullary

Gözüň görşüni gowulandyrmagyň ýönekeý operasion däl usuly ýapon oftalmology Rui Hiramasu tarapyndan işlenip düzüldi. Ol ony “Gözüň görüş ukybyny üç minudyň içinde gowulandyryň” atly kitabynda beýan etdi. Lukman gözi myşsalaryň ýa-da aňyň türgenleşik geçişi ýaly, yzygiderli türgenleşdirmegiň gerekdigini belleýär diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Hiramasunyň maslahat berýän ilkinji usuly – tapawutlary tapmak üçin ýörite suratlar bolan “Gaboryň tegmilleri” bilen maşklar. Olary günde bary-ýogy üç minut ýerine ýetirmeli, ilkinji gowulaşmalary eýýäm iki hepdeden görmek bolýar. Aýdyň netije 28 günden belli bolar.
“Elbetde, ilkibaşda köpler bu usulyň netijeliligine şübhelenýärler” – diýip, oftalmolog öz kitabynda belleýär. Şeýle-de bolsa, onuň tassyklaýşy ýaly, beýniniň gyjyndyrylmagy bilen gözüň ýitiligini dikeltmäge gönükdirilen bu maşklaryň ýerine ýetirilmegi “netijeliligi ylmy taýdan subut edilen ýeke-täk usuldyr”.
Ikinji usul – termoterapiýa. Bir polotensany alyp, ony çyglamaly we mikrotolkunly peçde 30-40 sekunt gyzdyrmaly. Ýyly matany ýapyk gabaklara goýmaly we mata sowaýança garaşmaly.
Üçünji usul – ysmanak iýmeli. Ysmanak kataraktanyň we sary tegmiliň degenerasiýasynyň öňüni almaga kömek edýär, şonuň üçin ony rasionyňyza goşuň.
Lukman kitabynda gözüň görşüni gowulandyrmaga kömek edýän beýleki maslahatlary hem berýär. Olaryň birinjisi kompýuteriň öňünde köp wagt sarp edýänler üçin örän peýdalydyr. Munuň üçin özüňizden 30 sm-den uzakda bolmadyk predmetlerden nazaryňyzy iki metr uzaklykda ýerleşýän predmetlere geçirmeli. Gözüňizi bir predmetden beýlekä yzygiderli 10 gezek geçirmeli we maşky isledigiňizçe gaýtalamaly.