Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi

  • 27.02.2021 17:19
  • 12k+

UEFA-nyň Nýondaky edara binasynda 26-njy fewralda Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. «Mançester Ýunaýted» — «Milan» duşuşygy tapgyryň merkezi oýunlarynyň biri bolar.

Bije çekişligiň netijeleri UEFA-nyň resmi saýtynda neşir edildi.
 «Aýaks» (Niderlandlar) — «Ýang Boýz» (Şweýsariýa)
«Dinamo» (Kiýew, Ukraina) — «Willýareal» (Ispaniýa)
«Roma» (Italiýa) — «Şahtýor» (Ukraina)
«Olimpiakos» (Gresiýa) — «Arsenal» (Angliýa)
«Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — «Tottenhem Hotspur» (Angliýa)
«Mançester Ýunaýted » (Angliýa) — «Milan» (Italiýa)
«Slawiýa» (Praga, Çehiýa) — «Reýnjers» (Şotlandiýa)
«Granada» (Ispaniýa) — «Molde» (Norwegiýa)
Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 11-nji martda, jogap oýunlary 18-nji martda oýnalar. Çärýek final we ýarym final bijeleri 19-njy martda çekiler.

düýn 23:16
1.1k+

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...

düýn 23:12
1.2k+

FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar...

düýn 22:53
772

Olimpiadany geçirmegiň bahasy näçe? Pariže ol 2,8 mlrd ýewro düşdi

Fransiýanyň Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýasy 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bahasyny 2,8 mlrd ýewro diýip hasaplady. Bu barada Europe 1 radiostansiýasy habar berdi. «2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň arassa bahasy Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýa tarapyndan 2,8 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar» — diýlip, radiostansiýanyň habarynda aýdylýar...

düýn 22:41
3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň...