Türkmenistanyň iň gowy etrabyna Prezidentiň baýragy gowşuryldy

  • 18.02.2021 19:44
  • 22k+

«Bagtyýar zaman» obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Medeniýet öýünde geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy.

“Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwürmelidiris. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyryp, dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň gutlagynda aýdylýar. 

şu gün 11:41
1.2k+

Frensis Ford Koppola "Megalopolis" filmi şowsuz çykandan soň adasyny satdy

"Çokundyran atanyň" režissýory Frensis Ford Koppola "Megalopolis" epiki filmi çykdajylaryny ödemänden soň Belizedäki Coral Caye adasyny 1,8 million dollara satdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Koppola filmi döretmek üçin öz jübüsinden 120 million dollar çykardy, şol sanda çakyr önümlerini satmakdan alan girdejisini hem sarp etdi...

şu gün 06:58
999

Aşgabatda kompozitor Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna konsert geçiriler

18-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Mouris Raweliň «Bolero» atly konserti geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumow, Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler...

düýn 19:39
8.5k+

Albaniýa bilen Gresiýanyň araçägindäki gowakdan dünýädäki iň uly kerep tapyldy

Alymlar dünýäniň iň uly möý kerebini tapdylar. Ol 106 inedördül metr meýdany tutýar we gowagyň dar geçelgesiniň diwaryny doly örtýär. Bu tor müňlerçe örtükli kerep aýlawyndan ybarat bolup, «ýamalan düşek» ýaly görnüşi emele getirýär diýip, Live Science neşiri belleýär...

düýn 19:06
4.1k+

Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir...