Dortmundyň «Borussiýasy» 3:2 hasabynda «Sewilýadan» üstün çykdy

  • 18.02.2021 08:38
  • 5.1k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Dortmundyň «Borussiýasy» ispan «Sewilýasyndan» 3:2 hasabynda üstün çykdy.

«Sewilýadan» Suso 7-nji minutda hasaby açdy, emma «Borussiýa» 19-njy minutdan 43-nji minut aralygynda üç gol geçirmegi başardy. Ilki Mahmud Daud hasaby deňledi, soňra Erling Holand iki pökgini öz adyna ýazdyrdy. Ispan klubundan Lýuk de Ýong 84 minutda bir gol geçirmegi başardy.
Holand Çempionlar ligasynyň 13 duşuşygynda 18 gol geçirdi. Häzirki dowam edýän möwsümde norwegiýaly oýunçy «Borussiýanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 24 oýunda 25 gol geçirmegi başardy.
«Sewilýa» we «Borussiýa» mundan öň Ýewropa ligasynyň 2010/11 möwsüminde toparlaýyn tapgyrda duşuşypdy. Şonda «Sewilýa» myhmançylykda ýeňiş gazanyp, öz meýdançasynda deňme-deň oýnapdy.
Jogap duşuşygy 9-njy martda Dortmundda geçiriler.

düýn 16:14
2.7k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
5.7k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
7.7k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.5k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....