Mbappe “Barselonanyň” derwezesine het-trikden soň, Habibe köýnekçesini sowgat etdi

  • 17.02.2021 23:13
  • 16k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýnunda “Barselona” “Kamp Nou” stadionynda “Pari Sen-Žermenden” 4-1 hasabynda ýeňildi. Oýna tomaşa etmäge garyşyk başa-baş göreşiň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow gatnaşdy. Oýundan soň ol Mbappeniň sowgat beren köýnekçesiniň suraty bilen paýlaşdy. Onda fransuz hüjümçisiniň goly bar, diýip, championat.com belleýär.

“Het-trik bilen gutlaýan. “Barselona” üçindigi iki esse ýakymly” – diýip, Madridiň “Realynyň” muşdagy bolan Habib ýazdy.

Şeýle-de, oýundan soň UFC-niň çempiony parižlileriň golkiperi Keýlor Nawas bilen surata düşdi.
Jogap oýny 10-njy martda Parižde (Fransiýa) geçer.
Titulyň häzirki ýeňijisi geçen ýyl ýaryşyň finalynda “PSŽ-ni” 1-0 hasabynda ýeňen Mýunheniň “Bawariýasydyr”.

düýn 16:22
4.5k+

Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy...

düýn 16:19
6.6k+

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi

Waşingtonda (ABŞ) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ahyrky böleginiň bije çekilişigi geçirildi. Çärä ABŞ-nyň we Meksikanyň Prezidentleri Donald Tramp we Klaudiýa Şeýnbaum, şeýle-de Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni gatnaşdy...

düýn 10:52
3.4k+

Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy

Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy. Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagy «Gran-pri 2025» atly ýaryşyň 5-nji tapgyryny kabul edýär. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň güýçli küştçüler ýygnandy...

05.12.2025 16:56
7.7k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...