“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy

  • 13.02.2021 22:42
  • 5.5k+

“Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 25-nji aprelde birbada birnäçe ýerden, şol sanda Golliwudyň rowaýaty Dolby Theatre teatryndan ýaýlyma berler diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bir dabarany birbada birnäçe ýerden ýaýlyma bermek tejribesi geçen ýylyň sentýabr aýynda “Emmi” baýraklarynyň guramaçylary tarapyndan synag edilip görüldi. Alyp baryjy Jimmi Kimmel Los-Anželesdäki Staples Center-den alyp bardy we baýragyň ýeňijileri hem-de oňa dalaşgärler dürli ýerlerden ýaýlyma birikdiler.

"Dünýä tomaşaçylarynyň garaşýan şahsy gatnaşmagyň täsiri bilen tomaşa döretmek, şonuň bilen birlikde-de, pandemiýanyň talaplaryna (howpsuzlyk) eýermek üçin dabara meşhur Dolby Theatre ýaly birnäçe ýerden alnyp barlar" – diýip, “Indie Wires” neşiri film akademiýasynyň wekiliniň sözlerini getirýär.

Munuň nädip amala aşyryljakdygy baradaky giňişleýin maglumatlary guramaçylaryň birneme soň mälim etjekdigi aýdylýar. Şonuň bilen bir hatarda, dabaranyň “ABC” ýaýlymynda alnyp görkeziljekdigi bellenilýär.

şu gün 12:04
223

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

şu gün 11:57
453

Alymlar Şekspiriň Londondaky öýüni tapdylar

XVII asyra degişli tapylan karta Wilýam Şekspiriň Londondaky öýüniň ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berdi....

düýn 19:50
18k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

düýn 18:32
2.4k+

Paramount «Call of Duty» oýnunyň esasynda düşüriljek filmiň çykjak wagtyny yglan etdi

Paramount kinokompaniýasy meşhur «Call of Duty» wideooýunlar seriýasynyň esasynda düşüriljek çeper filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi. Filmi 2028-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykarmak......