Türkmenistanda eksport-import amallary üçin «bir penjire» işe girizilýär

Türkmenistanda eksport-import amallary üçin «bir penjire» işe girizilýär

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Bu ulgamyň işini utgaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy kesgitlenildi.
Bu resminama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.