Türkmen diplomatlary üçin täze tapawutlandyryş nyşany döredildi

  • 09.02.2021 23:40
  • 8k+

Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça geçiren iş maslahatynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu resminama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym, bilim, medeni we ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen kabul edildi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......