Türkmenistanda mekdepden daşary tölegli okuwlar üçin degişli ygtyýarnamalar berler

  • 09.02.2021 23:09
  • 24k+

Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ministri O.Gurbanowa ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin, welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Ylym, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mekdepden daşary tölegli okuwlaryň ýaş nesil üçin gyzykly bolmalydygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutany ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

düýn 20:35
1.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

düýn 19:33
3k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.5k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 19:43
1.6k+

Şanhaýda ynsanpisint robotlar üçin mekdep açylýar

2026-njy ýylyň iýul aýynda Şanhaýyň ýokary tehnologiýaly Žanszýan sebitinde meýdany 5000 inedördül metrlik innowasion tälim merkezi açylar. Bu merkez dürli öndürijileriň robotlaryny bilelikde okatmak we......