UEFA 9-njy fewralda Çempionlar ligasynyň täze formatyny tanyşdyrar

  • 07.02.2021 15:44
  • 8.5k+

UEFA 9-njy fewralda Ýewropanyň 55 sany federasiýasyna Çempionlar ligasynyň täze formatyny hödürlär. Bu barada La Gazzetta dello Sport habar berdi.

UEFA ýaryşa giriziljek üýtgeşmeleri aprel aýynda ýerine ýetiriji komitetiň mejlisinde tassyklamagy meýilleşdirýär.
“The Telegraph”-yň ozal habar berşi ýaly, üýtgeşmelere laýyklykda, ýaryşa gatnaşyjylaryň sany 32-den 36-a çenli artar, toparçalaýyn tapgyr bolsa ýatyrylyp bilner. Ýaryşda kepillendirilen ýeke-täk ýer Çempionlar ligasynyň öňki ýeňijisine berler. Her klubuň dürli garşydaşlara garşy 10 oýun oýnamagyna (5 gezek öz meýdançasynda we 5 gezek myhmançylykda), ýaryşyň tablisasynyň şondan soň düzülmegine garaşylýar. Ilkinji sekiz klub gönüden-göni 1/8 finala çykar. Dokuzynjydan 24-njä çenli ýer eýelän toparlar bolsa galan sekiz orun üçin bäsleşerler.
Üýtgeşmeleriň 2024-nji ýylda güýje girmegine garaşylýar.

düýn 21:24
5.9k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3.1k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
2k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.9k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...