Messi Günorta Amerika boýunça onýyllygyň iň gowy futbolçysy boldy

  • 05.02.2021 11:19
  • 5.2k+

“Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan Günorta Amerika Futbol Konfederasiýasyna (CONMEBOL) agza ýurtlaryň wekilleriniň arasynda onýyllygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada guramanyň web sahypasyna salgylanyp, sport.rambler.ru habar berdi.

Bu reýtingde ikinji orny Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynda oýnaýan braziliýaly hüjümçi Neýmar eýeledi. Üçünji orunda häzirki wagtda "San-Pauloda" oýnaýan braziliýaly goragçy Dani Alwes ýerleşdi.
IFFHS-iň habaryna görä, Ýewropada onýyllygyň iň gowy futbolçysy Turiniň “Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ikinji orny Madridiň "Realynyň" ispan goragçysy Serhio Ramos, üçünji orny bolsa mýunhenli “Bawariýanyň” derwezebany Manuel Noýer eýeledi.

düýn 18:26
2.4k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.5k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.5k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......