"Mançester Ýunaýted" "Sautgemptonyň" derwezesine dokuz sany jogapsyz pökgi geçirdi

  • 03.02.2021 17:22
  • 8.6k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 22-nji tapgyrynda "Mançester Ýunaýtediň" futbolçylary "Old Trafford" stadionynda "Sautgemptony" ýeňip, garşydaşyň derwezesine 9 jogapsyz pökgi geçirdi. Netijede, oýun 9:0 hasabynda tamamlandy.

“Gyzyl arwahlardan” Entoni Martial iki gol geçirip, dubl etdi (69-njy, 90-njy minut) we Aaron Wan-Bissaka (18), Markus Reşford (25), Edinson Kawani (39), Skott MakTominaý (71), Brunu Fernandeş (87, penaltiden) we Deniel Jeýms (90+3) dagy tapawutlandylar. Ýene bir pökgini "Sautgemptonyň" goragçysy Ýan Bednarek öz derwezesine gönükdirdi (35).
Myhmanlaryň duşuşygyň köp bölegini azlykda geçirendigini bellemek gerek - oýnuň ýaňy bir ikinji minudynda Aleksandr Ýankewiç gödek hereketi üçin gyzyl kartoçka bilen jezalandyrylyp, oýundan çykaryldy. Emin duşuşygyň dowamynda jemi bäş sany sary kartoçka görkezdi.
“Mançester Ýunaýted” soňky bäş oýunda ikinji ýeňşini gazandy we 44 utuk toplap, sanawyň lideri we ätiýaçda iki oýny bolan “Mançester Sitiniň” yzyndan ýetdi. Bassyr dördünji gezek utulan "Sautgempton" bolsa 29 utuk bilen 12-nji setirde ýerleşdi.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......