Messi "FIFA 21"-iň simwoliki ýygyndysyna ýörite ses bermek arkaly goşuldy

  • 02.02.2021 22:00
  • 8.5k+

EA Sports-yň resmi Twitter sahypasynda aýdylmagyna görä, "FIFA 21"-iň 2020-nji ýyldaky simwoliki ýygyndysyna janköýerleriň ses bermegi arkaly 12-nji oýunçy - "Barselonanyň" kapitany Lionel Messi goşuldy. Bu barada championat.com habar berdi.

"FIFA 2021"-iň 2020-nji ýyldaky simwoliki ýygyndysy şulardan ybarat:
Manuel Noýer ("Bawariýa")
Alfonso Dewis ("Bawariýa")
Serjio Ramos (Madridiň "Realy")
Wirjil wan Deýk ("Liwerpul")
Trent Aleksander-Arnold ("Liwerpul")
Brunu Fernandeş ("Mançester Ýunaýted")
Kewin De Bruýn ("Mançester Siti")
Ýozua Kimmih ("Bawariýa")
Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus")
Robert Lewandowski ("Bawariýa")
Kilian Mbappe ("Pari Sen-Žermen")
Lionel Messi ("Barselona")
Ýylyň simwoliki topary ses bermek arkaly saýlandy. Oňa giren oýunçylar ýörite kartoçkalary alarlar. Ýeri gelende bellesek, simwoliki ýygynda girmäge dalaşgär görkezilenleriň sanawynda 70 oýunçy bardy.

düýn 18:54
961

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.2k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....