“Toyota” soňky bäş ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuwynda öňe geçdi

  • 29.01.2021 23:05
  • 16k+

“Toyota Motor” kompaniýasy 2020-nji ýylda dünýäde satylan ulaglaryň sany boýunça 1-nji orny eýeledi. Bu barada inforeactor.ru habar berdi.

“Toyota”-nyň metbugat beýanatyna görä, konsern 9,53 milliondan gowrak awtoulag satmagy başardy. Munuň özi soňky 5 ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuw bazarynda kompaniýanyň öňdebaryjylygyny üpjün etdi.
Koronawirus pandemiýasy “Toyota”-ny 2020-nji ýylyň ahyrynda önümçilik kuwwatyny rekord derejä çenli artdyrmakdan saklap bilmedi. Kompaniýanyň ösüşindäki duýdansyz özgeriş Hytaýda markanyň awtoulaglaryna bolan islegiň ýokarlanmagyndan soň bolup geçdi.
Beýleki bazarlar barada aýdylanda bolsa, Ýewropada "Toyota" 960,000 sany önüm öndürdi diýip, çeşme habar berýär.

 

şu gün 12:53
216

Kia kompaniýasy Stinger GT-niň mirasdüşeri bolup biljek täze modeliň tizerini hödürledi

Kia kompaniýasy futuristik görnüşi bilen tapawutlanýan täze model üçin bir topar tizer çykardy. CarBuzz neşiriniň çaklamagyna görä, gürrüň meşhur bäş gapyly Stinger GT sport awtoulagynyň ideologik mirasdüşeri bolup biljek konseptual elektrik ulagy barada gidýär...

şu gün 12:17
1k+

Wodorod bilen işleýän Toyota Crown sedany Ýaponiýada taksi we polisiýa gullugynda ulanylyp başlandy

Toyota Ýaponiýada wodorodly ulaglarynyň ulanylyş toplumyny giňeltdi. Ýapon awtoulag ägirdi Fukusima prefekturasyndaky taksi kompaniýalaryna we polisiýa müdirligine ýangyç elementli Crown sedanlaryny berdi. Kompaniýa wagtyň geçmegi bilen şäher we döwlet gullugynda wodorod bilen işleýän sedanlaryň sanynyň köpelmegine garaşýar...

şu gün 12:08
1.1k+

Toyota, Kawasaki we Yokohama kazyýetiň üsti bilen ABŞ-dan gümrük pajy sebäpli zyýanynyň öwezini dolmak isleýär

Toyota Tsusho (Toyota Toparynyň bir bölegi), teker öndüriji Yokohama Rubber we mototehnika öndürijisi Kawasaki Motors ýaly dokuz ýapon kompaniýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyna garşy kazyýete talap arzasyny ýazdylar...

şu gün 06:36
2.3k+

Toyota 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili täze GR GT superkaryny hödürledi

Toyota düýbünden täze GR GT sport awtoulagyny, şeýle hem onuň ýaryş görnüşi bolan GR GT3-i resmi taýdan yglan etdi. Ikinjisi GT3 çempionatyna gatnaşmak we Mercedes-AMG GT bilen bäsleşmek üçin ýörite işlenip düzüldi...