Portugaliýanyň Prezident saýlawlarynyň ýeňijisi belli boldy

  • 25.01.2021 20:06
  • 6.3k+

Portugaliýanyň Prezident saýlawlarynda ýurduň häzirki Lideri Marselu Rebelu de Souza ýeňiji boldy.

Oňa saýlawçylaryň 60%-den gowragy ses berdi, diýip Euronews habar berýär.
Beýleki dalaşgärlerden Andre Wentura 12%, Ana Gomeş 11% ses aldylar. Şeýlelikde, ýurduň öňki Prezidenti sesleriň zerur bolan mukdaryny gazanyp, birinji tapgyrda ýeňşini üpjün etdi.
Portugaliýada Prezident saýlawlary 24-nji ýanwarda geçirildi.

düýn 21:24
2.8k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 21:20
1.8k+

Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 20:57
6.8k+

Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan we edaradan çykmagy baradaky permana gol çekdi. Administrasiýanyň bellemegine görä, olar «indi ýurduň bähbitlerine laýyk gelmeýär». Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berilýär...

düýn 16:50
8.6k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun...