"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi

  • 23.01.2021 13:02
  • 7.7k+

“Liwerpul” Angliýanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Börnliden” utuldy. Duşuşyk 0:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Oýunda ýeke-täk pökgini jerime urgusyndan 83-nji minutda Eşli Barns geçirdi.
Şu duşuşyga çenli “Liwerpul” çempionatda öz meýdançasynda bassyr 68 oýun bäri utulman gelýärdi. Topar soňky gezek 2017-nji ýylyň aprelinde "Enfild" stadionynda “Kristal Pelas”-dan 1:2 hasabynda ýeňlipdi.
“Liwerpulyň” çempionatyň häzirki möwsüminde ýeňişsiz oýunlarynyň seriýasy bäş oýna (2 ýeňiş, 3 deňlik) ýetdi, topar 34 utuk bilen ýaryşyň sanawynda dördünji orunda barýar. “Börnli” 19 utuk toplap, 16-njy ýere çykdy.
Indiki tapgyrda Ýurgen Kloppyň şägirtleri 28-nji ýanwarda “Tottenhem” bilen duşuşar.

düýn 18:54
961

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
5.9k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.2k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....