Haýsy içgiler gan basyşyny peseltmäge kömek edýär

  • 22.01.2021 18:59
  • 26k+

Britan lukmanlar birnäçe sagadyň içinde gan basyşyny peseldýän dört sany içgini agzap geçdiler. Bu barada sterlegrad.ru habar berýär.

Lukmanlaryň bellemegine görä, gan basyşyny peseldýän içgileriň arasynda birinji orunda şugundyr şiresi durýar. Içgi gan basyşyny 2-4 sagatdan soň peseldýär, yzygiderli kabul edilende bolsa, gan basyşyny uzak wagtlyk durnuklaşdyrýar. Lukmanlar ähli peýdaly maddalary saklanar ýaly, şugundyr şiresini özüňiziň taýýarlamagyňyzy maslahat berýärler.
Ikinji ýerde pomidor şiresi durýar. Adam günde bir bulgur pomidor şiresini içse, ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny ýarym esse azaldar, gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrar. Muny ýapon alymlary subut etdiler.
Üçünji ýerde gibiskusdan taýýarlanylan karkade çaý içgisi ýerleşýär. Gibiskus çaýyny yzygiderli kabul etmek gan basyşyny, ortaça, 15% peseldýär. Maslahat berilýän möçber - 6 hepdäniň dowamynda günde 2-4 käse.
Iňlis hünärmenleri çaý kömeleginden taýýarlanan içgileriň peýdasy hakda hem bellediler. Onda gan basyşyny peseldýän we içegäniň işini kadalaşdyrýan peýdaly probiotikler bar. Çaý kömeleginiň şerbetiniň yzygiderli ulanylmagy bilen sistolik basyş - ortaça, 7,6 mm, diastolik basyş bolsa - 3,5 mm Hg azalýar.
Gipertoniýa ýüze çykan halatynda lukmanlar alkogoldan, ýagly iýmitlerden ýüz öwürmegi we köpräk pyýada ýöremegi maslahat berýärler.

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....