Türkmenistan benzini arzan ýurtlaryň sanawynda ilkinji onlukda

  • 19.01.2021 22:52
  • 20k+

2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan iň arzan benzini bolan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Degişli reýtingi GlobalPetrolPrices.com portaly düzdi.

Portalyň maglumatlaryna görä, A-95 kysymly benziniň bir litriniň bahasy 0,43 dollar (1,5 manat) bolan Türkmenistan sanawda dünýäde onunjy ýerde we GDA döwletleriniň içinde bolsa ikinji ýerde ýerleşýär.
Dünýäde benziniň 1 litriniň ortaça bahasy $1.05 barabardyr.
11-nji ýanwara çenli ýagdaýa görä, sanawda birinji ýerde Wenesuela ýerleşýär, ol ýerde benziniň 1 litriniň bahasy 0,02 dollara deňdir.
Dünýäde iň gymmat benzin Gonkongda satylýar. Ol ýerde benziniň 1 litriniň bahasy $2,33 barabardyr.

11.07.2025 01:34
8.3k+

Portugaliýanyň kenarlarynda neandertallaryň yzlary galypdyr

Arheologlar Portugaliýanyň kenarýakasynyň iki ýerinde neandertallaryň aýak yzlaryny tapdy. Olaryň ýaşy, takmynan, 78-82 müň ýyla barabar diýip, Scientific Reports žurnalyndaky makala salgylanyp, “N+1” neşiri habar berýär...

27.06.2025 18:52
3.3k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy.  Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa...

20.06.2025 23:37
8.5k+

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi...

07.06.2025 13:13
2.5k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...