Eldar Eldarow: Habib oktagona super söweş üçin dolanyp biler

  • 16.01.2021 13:37
  • 26k+

Ýeňil agramda Brave CF ligasynyň çempiony, Habib Nurmagomedowyň ýakyn dosty Eldar Eldarow ýeňil agramda UFC-niň çempionynyň haýsy şertlerde sporta dolanyp biljekdigi barada öz pikirini aýtdy. Muny sport.sm.news ýetirýär.

Eldarow häzir Nurmagomedow üçin oktagona dolanmak manysyz diýip hasaplaýar.

“Sorag: näme üçin? Sen hemmelere eýýäm ähli zady subut edeniňden soň, öz diwizionyňda iň gowy söweşijileri ýeňeniňden soň näme üçin dolanmaly, bu ýerde diňe bir sebäp bolup biler – öz güýjüňden peýdalanmak we häzir hem gowy bolan maliýe ýagdaýyňy has gowulaşdyrmak üçin birneme pul gazanmak. Munuň üçin ýalyn gerek” – diýip, Eldar aýdýar.

Ol Nurmagomedowyň bir-iki ýyl söweşmejekdigini sözüniň üstüne goşýar. Eldarow häzir onuň okuwçylarynyň köpdügini we olary işjeň türgenleşdirýändigini düşündirýär.
Ýöne Eldar MMA-nyň söweşijisiniň super söweş üçin dolanyp biljekdigini belledi.

“Belki, haçan-da bolsa bir gün Sen-Pýer ýaly söweşijiler bilen super söweş üçin ol bir gün oýanar we pikir eder: “Men gowy formada, näme üçin söweşmeli däl?”” – diýip, Eldar sözüni jemledi.

Ýatlap geçsek, Habib Nurmagomedow 29 söweşde 29 ýeňiş gazandy. Habib söweşe razy bolan ýagdaýynda we Makgregor Porýeden üstün çykan ýagdaýynda rus söweşijisi Konor üçin rewanş berip biler diýlip çaklanylýar.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....