Amerikaly kino tankytçylary geçen ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýladylar

  • 16.01.2021 13:25
  • 8.8k+

Amerikanyň Critics Choice Association kino tankytçylary birleşigi 2020-nji ýylyň iň gowy filmleriniň we seriallarynyň sanawyny taýýarlady. Sanaw guramanyň web sahypasynda çap edildi diýip, moika78.ru habar berdi.

Emin agzalarynyň pikiriçe, geçen ýylyň iň oňat uruşganly filmi Spaýk Liniň režissýorlyk eden "Ganybir bäşler" filmi boldy. Onda baş keşbi ýerine ýetiren Delroý Lindo "Uruşganly filmiň iň gowy aktýory" diýen ady aldy. Ekşn-filminde iň oňat aktrisa diýen ada Kreýg Zobeliň “Aw” filminde baş keşbi janlandyran Betti Gilpin mynasyp boldy.
"2020-nji ýylyň iň gowy multfilmi" ugry boýunça tankytçylar Disneýiň "Kalp" filmini öňe tutdular. Aktýorlar Jeými Foks we Tina Feý iň gowy ses berijiler diýlip saýlandy.
Iň oňat gorkunç film Li Uonneliň “Görünmeýän adam” filmi, iň oňat ylmy-fantastika filmi bolsa Maks Barbakowyň “Palm Springs” filmi boldy.
2020-nji ýylyň esasy ekşn-seriýaly hökmünde "Wikingler" saýlandy.

düýn 15:42
1.9k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.5k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....