“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady

  • 10.01.2021 07:09
  • 14k+

Madridiň “Realynyň” ýolbaşçylary baş tälimçi wezipesinde fransuz hünärmeni Zinedin Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni kesgitlediler. Bu barada “As” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” ýolbaşçylygy Rauly klubyň indiki halypasy hökmünde görmek isleýär. Aslynda wezipä baş dalaşgär Maurisio Poçettinody, ýöne ol ýanwaryň başynda “PSŽ-niň” tälimçisi boldy.
43 ýaşly hünärmen “Realyň” düzüminde 2018-nji ýyldan bäri işleýär we ol geçen möwsümde ýaşlar toparynyň oýunçylary bilen UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiş gazanyp, özüni gowy tarapdan görkezmegi başardy. Raul “Realyň” ýetişdiren oýunçysydyr. Ol oýunçy hökmünde topar bilen bilelikde iki gezek Çempionlar ligasyny we alty gezek Ispaniýanyň çempionatyny utdy. Hüjümçi klubyň taryhynda ikinji bombardir (324 gol).

düýn 18:26
2.9k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
5.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
5k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.6k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......