Uffizi galereýasy Danteniň "Ylahy komediýasy" üçin döredilen suratlary halka görkezýär

  • 06.01.2021 20:35
  • 3.7k+

Danteniň aradan çykmagynyň 700 ýyllygy mynasybetli Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Uffizi galereýasy orta asyr ussady Federiko Zukkari tarapyndan “Ylahy komediýa” atly üç bölümli epiki poema bagyşlanyp ýörite döredilen 88 sany illýustrasiýany tora ýerleşdirdi. Bu barada rg.ru habar berdi.

Suratlar 1586-1588-nji ýyllar aralygynda galamda we tuşda ýerine ýetirilipdir. Olarda gara we gyzyl reňkleriň kontrast öwüşginleri agdyklyk edýär. 1609-njy ýylda Zukari ýogalandan soň, bu illýustrasiýalar Danteniň işlän Orsini atly asylly rimli maşgala geçirilipdir. Olar diňe 1738-nji ýylda Uffizi galereýasynda ýerleşdirilipdir.
Mundan ozal bu illýustrasiýalar diňe iki gezek - 1865-nji ýylda Danteniň 600 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, şeýle hem 1993-nji ýylda Abruzzoda şahyr barada ýöriteleşdirilen serginiň çäginde halka görkezildi. Suratlar bir tomda jemlenip, olaryň her biri Danteniň poemasyndan degişli goşgynyň garşysynda ýerleşdirildi.

05.06.2026 13:07
4.2k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....