Lukman gyşda gezelenç wagtynda sowuklamazlyk üçin maslahatlary berdi

  • 04.01.2021 09:14
  • 12k+

Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, otorinolaringolog Wladimir Zaýsew gyş gezelenjiniň ýakymsyz netijelerinden özüňi nähili goramalydygyny aýtdy. Bu barada RIA Nowosti belläp geçýär.

Esasy zat, dem alşyňyza gözegçilik etmeli. Uludan däl-de, kadaly dem almaly, sebäbi sowukda güýçli dem alyş sebäpli burun howany gyzdyryp ýetişmeýär we howa organizme sowuk bolup girýär. 

“Konkide, lyžada, týubingde typýan wagtymyz muňa aýratyn üns bermeli. Sebäbi hereket wagtynda dem alyş hereketleriniň ýygylygy we çuňlugy ýokarlanýar, netijede biz öýkenimizi sowukladyp bilýäris” – diýip, lukman aýdýar.

Lukman gezelenje çykanyňyzda ýanyňyz bilen gyzgyn çaý almagy maslahat berýär. Bu içgi size güýç berer we ýylanmagyňyza kömek eder.

“Ýöne sowuk içgiler we dürli görnüşli gazlandyrylan içgiler gadagandyr. Kofe hem içmeli däl, sebäbi onuň netijede güýjüňi alýan birnäçe aýratynlyklary bar” – diýip, hünärmen belleýär.

Mundan başga-da, geýýän eşigiň garda hereket etmek ýa-da dagda lyžaly typmak üçin niýetlenen bolsa has gowy. Ýöne hiç wagt şarfy gözüňize çenli büremeli däl.

“Şarf eňege çenli doly ýapmaly, agyz welin açyk bolmaly” – diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirýär.

13.04.2026 17:59
3.5k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......