Penalti näme üçin 11 metrden urulýar? Ony kim oýlap tapdy?

  • 02.01.2021 16:44
  • 20k+

Biz penaltini 11 metrlik jerime urgusy diýip atlandyrýarys. Ýöne näme üçin 11 metr? Bu san nireden geldi? Bu sowallara jogap tapmak üçin taryha — 1891-nji ýyla dolanalyň. Bu jerime urgusy futbolyň düzgünlerine şol wagtlar goşuldy.

11 metrlik jerime urgusyny derwezeban — irlandiýaly telekeçi William Makkram oýlap tapdy diýlip hasap edilýär. Makkram sporty söýýän adam bolupdyr. Ol futbol, ​​kriket we regbi klublarynyň agzasy eken. Ol penaltini goragçylaryň derwezäniň golaýyndaky düzgün bozmalarynyň öňüni almak üçin oýlap tapypdyr diýip, m.sports.ru ýazýar.
Makkramyň pikirini 1890-njy ýylyň iýunynda IFAB-yň ýygnagynda Irlandiýanyň futbol birleşiginiň sekretary Jek Rid orta atýar. Ilkibaşda bu teklip diňe oýunçylaryň we žurnalistleriň gülküsine hem-de gaharlanmagyna sebäp bolupdyr. Ol şol wagtlar hatda "ölüm jezasy" diýlip hem atlandyrylypdyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen her kim munuň zerurlygyna düşünipdir.
Aslynda, penalti 11 metrden däl-de, iňlisleriň 12 ýardyndan urulýan eken. Ol wagtlar entek jerime meýdançasy ýokdy, şonuň üçin 12 ýard, ýagny 10.97 metr aralykda düzgün bozulanda bu urgy bellenipdir. Mundan başga-da, ol wagtlar penaltini çyzygyň tutuş uzynlygy boýunça islendik nokatdan urup bolýardy we derwezeban derwezäniň çyzygyndan 6 ýarda (5,5 metre) çenli öňe çykyp bilýärdi.
1902-nji ýylda jerime meýdançasy we jerime nokadyndan penalti urgusy girizildi. Şonda derwezebanyň meýdançasy - 6 ýard, jerime meýdançasy - 18 ýarddy we penalti nokady ol ikisiniň edil ortasynda - 12 ýard aralykda kesgitlenildi. Üç ýyldan soň bolsa derwezebanlara urgy wagtynda derwezäniň çyzygyny terk etmek gadagan edildi.
Şeýdibem, häzirki düzgünine has ýakyn penalti peýda boldy.

şu gün 01:00
227

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
730

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
5.4k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....