"Pari Sen-Žermene" Poçettinonyň tälimçilik etmegi mümkin

  • 26.12.2020 14:42
  • 4.8k+

Argentinaly hünärmen Maurisio Poçettino Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" (PSG) futbol klubuna ýolbaşçylyk eder diýip, RMC Sport belleýär. Bu barada Sputnik agentligi habar berýär.

Ýadymyzda bolsa, parižlileriň ýolbaşçylarynyň toparyň baş tälimçisi Tomas Tuheli işden boşadandygy barada habar beripdik. Çeşmäniň habaryna görä, nemes tälimçisiniň wezipesine bir ýyldan gowrak wagt bäri işsiz oturan Poçettino geçer. Mundan ozal ol Londonyň “Tottenhem” toparyny türgenleşdiripdi we 2019-njy ýylyň noýabr aýynda wezipesinden boşadyldy.
2001-2003-nji ýyllar aralygynda "PSŽ"-de oýnan 48 ýaşly Poçettinonyň hemişe Pariže gaýdyp gelip, topara tälim bermegi arzuw edendigi bellenilýär. Hünärmen klub bilen 2023-nji ýyla çenli şertnama baglaşar.
Häzirki wagtda parižliler 35 utuk gazanyp, Fransiýanyň çempionatynyň sanawynda üçünji orunda barýarlar.
Tuhel "PSŽ"-den gidenden soň iňlis çempionatynda güýjüni synap görmek isleýär. Onuň "Mançester Ýunaýted" we "Arsenal" klublaryna baryp biljekdigi bellenilýär.

şu gün 14:40
179

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.6k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......