Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylary tejribe alyşýarlar

  • 25.12.2020 14:34
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahata Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Döwlet kitaphanalarynyň wekilleri hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdy. Umuman, kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.
Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar.

şu gün 00:03
2

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
344

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
197

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
442

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......