BMW “YouTube”-daky million abunaçysy üçin “Golden Button Award” baýragyny aldy

  • 24.12.2020 23:49
  • 9.3k+

Bir milliondan gowrak abunaçysy bolan BMW-niň “YouTube”-daky wideolary nemes awtoulag öndürijisine “Golden Button Award” baýragyny getirdi diýip, TTAC ýazýar. Muny cursorinfo.co.il habar berýär.

Häzirki wagtda sosial medianyň kanallary islendik awtoulag kompaniýasy üçin zerur bolup durýar. "YouTube" kanalynyň üsti bilen köp girdeji gazanmagy BMW-niň meşhurlygynyň ýene bir subutnamasydyr. Netijede, BMW diňe bir awtoulag ýolunda däl, eýsem, Internet ulgamynda-da ençeme janköýerleri daşyna jemläp bildi.
Bir milliondan gowrak abunaçy internetde BMW tarapyndan ýerleşdirilen wideolary yzarlaýar we “YouTube” oňa bu baýragy onlaýn janköýerleri çekmekde gazanan üstünligi üçin berdi.
BMW-niň "YouTube"-daky kanalynyň abunaçylary 1,14 milliona ýetdi we onda ýüklenen filmleri dünýäde 333 million tomaşaçy gördi. Munuň özi ulanyjylar BMW-niň kanalynda wideo görmek üçin, takmynan, 6,5 million sagat sarp etdiler diýmekdir. “YouTube”-a görä, ulanyjylar her 57 sekuntda BMW-niň wideosyny halaýar, paýlaşýar ýa-da teswirleýär. “YouTube” wideo platformasynyň hünärmenleri BMW-ni iň meşhur awtoulag markasy diýip atlandyrdylar.
BMW-niň "YouTube" kanalynda iň meşhur ýazgy geçen ýyl tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan “Kiçijik gaçyş” atly gysga metražly film boldy. Filmde wakalar 1960-njy ýyllarda ikä bölünen Berlinde bolup geçýär. Onda "BMW Isetta"-da Gündogar hem-de Günbatar bölekleriň arasyndaky serhetden gaçyp geçilişi gürrüň bilýär. Film 23 milliondan gowrak tomaşaçyny özüne çekmegi başardy.

düýn 19:42
6.1k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

15.12.2025 09:20
790

Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar...

12.12.2025 18:15
6.3k+

Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler. Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär...

12.12.2025 12:08
7.5k+

Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar...