Neýmaryň "Stambula" geçiren goly ÇL-iň toparçalaýyn tapgyryndaky iň owadan gol boldy

  • 20.12.2020 19:40
  • 5.9k+

"Pari Sen-Žermeniň" hüjümçisi Neýmaryň Türkiýäniň "Stambul Başakşehiriniň" derwezesine geçiren goly UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky oýunlarda iň owadan gol diýlip ykrar edildi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berdi.

Braziliýaly hüjümçi soňky altynjy tapgyr oýnunda türk toparyna garşy üç gol geçirip, het-trik etdi we duşuşygyň 21-nji minudynda geçirilen ilkinji pökgi olaryň iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Ses berişlikde ikinji orny Madridiň "Realynyň" ýarymgoragçysy Luka Modriçiň Doneskiň "Şahtýoryna", üçünji orny "Barselonanyň" hüjümçisi Antuan Grizmannyň "Ferenswaroşa", dördünjini bolsa "Mançester Ýunaýtediň" ýarymgoragçysy Bruno Fernandeşiň "Stambula" garşy, bäşinjini - “Bawariýanyň” goragçysy Ýoşua Kimmihiň Moskwanyň “Lokomotiwine”, altynjyny - “Krasnodaryň” ýarymgoragçysy Magomed-Şapi Süleýmanowyň “Sewilýa” garşy geçiren gollary eýeledi.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....