Ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini saýlamakda Türkmenistan kime ses berdi

  • 20.12.2020 13:22
  • 19k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýylyň iň gowy futbolçylaryna we tälimçilerine baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirdi, onda hünärmenleriň saýlamagynda geçen futbol ýylynyň iň gowy oýunçysy we tälimçisi diýlen ugurlarda baýragyň ýeňijileri yglan edildi.

FIFA-nyň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistandan futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow, şeýle hem sport žurnalisti Aleksandr Werşinin ses berdi.
Arslanmyrat Amanow Lionel Messi, Robert Lewandowski we Kriştianu Ronaldu - şu üçüsine ses berdi, žurnalist Aleksandr Werşinin bolsa futbolçylaryň arasynda şulary saýlady: Lionel Messi, Robert Lewandowski, Kewin De Bruýn.
Netijede, eýýäm mälim bolşy ýaly, ýylyň iň gowy futbolçysy kategoriýasynda "Bawariýanyň" hüjümçisi Robert Lewandowski ýeňiji boldy.
Ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip, "Liwerpulyň" baş tälimçisi Ýurgen Klopp yglan edildi. Arslanmyrat Amanow bu babatda birinji ýeri Hans-Diter Flike, ​​ikinjini Kloppa, üçünji orny bolsa Zinedin Zidana berdi. Aleksandr Werşininiň saýlan üçlügi: Hans-Diter Flik, Hulen Lopetegi we Marselo Býelsa.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......