Hemilton 2020-nji ýylyň iň gowy "Formula-1" sürüjisi diýlip yglan edildi

  • 18.12.2020 22:45
  • 5.5k+

"Mersedes" toparynyň agzasy Lýuis Hemilton çempionata gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylary tarapyndan 2020-nji ýylyň iň gowy sürüjisi diýlip saýlandy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Ses berişligiň netijelerine görä, 35 ýaşly britan türgeni 171 bal gazandy. “Red Bull”-yň gollandiýaly piloty Maks Werstappen (156) ikinji boldy, Monakodan Çarlz Lekleýr (“Ferrari”, 132) üçünjiligi eýeledi.
Geçen möwsümde Hemilton ýedinji gezek "Formula-1"-iň çempiony boldy we Maýkl Şumaheriň rekordyny gaýtalady. Şeýle hem, Hemilton Şumaheriň köp ýyllap saklan Gran-Pridäki ýeňişleriň sany boýunça rekordyny gaýtalamagy başardy. Ol oktýabr aýynyň ahyrynda Portugaliýada geçen "F-1"-de 92-nji ýaryşynda ýeňiji boldy. Häzir Hemiltonyň hasabynda 95 ýeňiş bar.

düýn 23:00
889

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......