Lionel Messi “Kamp Nou-daky” 300-nji ýeňşini gazandy

  • 17.12.2020 15:38
  • 6.1k+

Ispaniýanyň çempionatynda 19-njy tapgyryň oýnunda "Barselona" "Real Sosýedady" kabul etdi. Duşuşyk "Barselonadaky" “Kamp Nou” stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu oýunda "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi “Kamp Nou-daky" 300-nji ýeňşi bilen taryhy üstünlik gazandy. Ol Ispaniýanyň çempionatynda 211, Çempionlar ligasynda 53, Ispaniýanyň kubogynda 30 we ýurduň Super kubogynda 6 ýeňiş gazandy. Şeýle hem “Kamp Nou-da" 380 pökgi geçirmegi başardy.
Messi Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde 12 oýun oýnap, 5 pökgi geçirdi.
"Barselona" 20 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynyň sanawynda 5-nji ýeri eýeledi. “Real Sosýedad” (26) - 2-nji ýerde. Ýaryşyň öňüni häzirki wagtda 11 oýunda 26 utuk toplan Madridiň "Atletikosy" çekýär.

şu gün 16:41
1.1k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......

düýn 18:26
3.3k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
6k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
5.6k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......