"PSŽ" Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi

  • 13.12.2020 20:18
  • 14k+

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" (PSG) futbol klubunyň prezidenti Nasser Al-Helaifi braziliýaly hüjümçi Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi. Bu barada Sport.es habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, parižliler 28 ýaşly hüjümçiniň gepleşiklerdäki käbir kynçylyklara garamazdan, 2022-nji ýylyň tomsunda möhleti  gutarýan şertnamasyny uzaltjakdygyna ynanýarlar.
Al-Helaifi oýunçyny elden gidermek islemeýär we oňa uly mukdarda baha kesýär. Ol oýunçyny 100 million ýewrodan arzan bermez. "PSŽ" bu mukdaryň pandemiýa döwründe mümkin bolan alyjylary çekindirjekdigine ynanýar.
Ozal habar berlişine görä, indiki tomus fransuz kluby "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messini öz düzümine goşmagyň mümkinçiliklerine seredýär. Şeýle hem Neýmaryň şertnamasyny diňe Messi transfer bolan ýagdaýynda uzaltjakdygy habar berildi.
Häzirki möwsümde Neýmar 11 oýun oýnap, 9 pökgi geçirdi we 5 asist etdi.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......